- körük
- [kö:rük]1) Demirçi ussalaryň ot ýakmak üçin ýel berýän sanajy.∙ Ussa körügini basyp duran ýerinden, gözüni adamçy erkegiň gözi ýaly edip, gaňrylyp seretdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)∙ Ullakan körük wassyk-wassyk edip dem alýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)2) Tamdyryň düýbündäki howa girýän deşik.∙ Tamdyryň körügini açyk goýmak.Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem körük - körügi.◊ belanyň (belaň) körügi — seret bela∙ Belaň körügi meniň özümde. (N. Pomma Sebäbini soň bildim)∙ Daňatar sen hem şunuň ýüzüni ýuwjak bolma, belaň körügi şundadyr. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.